logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Türkmen dili we sözleýiş medeniýetiniň ösdürilmeginde pedagogikanyň orny
  15.12.2025
452
Türkmen dili we sözleýiş medeniýetiniň ösdürilmeginde pedagogikanyň orny

Ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesinde we bilim ulgamynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler milli ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen dili, edebiýat we sözleýiş medeniýeti bolsa şu ugurlaryň iň möhüm sütünleriniň biridir. Bu ýörelgeleriň pugtalandyrylmagynda pedagogikanyň, ýagny okuw-terbiýeçilik ulgamynyň orny aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Türkmen dili diňe bir gepleşik serişdesi bolman, halkymyzyň taryhy, medeni mirasy, pähim-paýhasy we dünýä garaýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle mirasy ýaş nesle dogry we toplumlaýyn ýetirip bermek bolsa tejribeli mugallymlaryň, edebiýatçylaryň we dil öwredijileriň möhüm wezipesidir. Pedagoglar okuwçylara diliň grammatik gurluşyny hem-de olaryň dogry, arassa we çeper geplemegi başarmagyna mümkinçilik berýärler.

 

Edebiýat sapaklary hem ýaşlarda giň garaýyşlylygy, döredijilik ukybyny we milli medeniýete hormat goýmagy kemala getirýär. Klassyk we häzirki zaman edebiýatyna degişli eserleriň öwrenilmegi arkaly okuwçylar dil baýlygyny artdyrýarlar, täze düşünjeleri özleşdirýärler we durmuşa çeperçilik bilen seretmegi başarýarlar.

 

Sözleýiş medeniýeti bolsa jemgyýetçilik gatnaşyklarynda özüňi medeniýetli alyp barmagyň, düşnükli we arassa geplemegiň hem-de dürli ýagdaýlarda dogry pikir beýan etmegiň ölçegidir. Bu medeniýetiň kemala gelmegi okuwçylaryň şahsy ösüşine, olaryň jemgyýetde üstünlik gazanmagyna uly täsir edýär. Mugallymlaryň nusgawy we sowatly çykyşlary bolsa ýaşlarda beýle endikleri berkitmegiň möhüm çeşmesidir.

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.