logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr
  22.01.2026
375
Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr

Dil arassalygy – diliň tebigy gurluşynyň, söz baýlygynyň we milli aýratynlyklarynyň goralmagydyr. Türkmen diliniň arassalygyny saklamak diňe döwlet derejesindäki çäreler bilen çäklenmän, her bir adamyň gündelik dil ulanyşyna baglydyr. Sebäbi diliň esasy ýaşaýan ýeri halkyň aňy we gündelik gepleşigidir.

 

Soňky ýyllarda daşary ýurt dillerinden gelýän sözleriň ýerliksiz ulanylmagy dil arassalygyna howp döredýär. Elbetde, halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen käbir terminleriň alynmagy tebigy ýagdaýdyr. Emma bu ýagdaý milli sözleriň unudylmagyna ýa-da dil gurluşynyň bozulmagyna getirmeli däldir.

 

Her bir dili göteriji adam öz sözleýşine jogapkärdir. Arassa, manyly we edebi dili ulanmak medeniýetiň alamatydyr. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda, metbugatda we jemgyýetçilik ýerlerinde diliň arassalygyna üns bermek ýaş nesilde dil duýgusyny terbiýeleýär.

 

Dil arassalygyna bolan garaýyş adamyň umumy medeni derejesini hem görkezýär. Ene diline hormat goýýan adam onuň söz baýlygyny öwrenmäge, ýazuw we sözleýiş kadalaryny berjaý etmäge çalyşýar. Şeýle garaýyş jemgyýetde umumy dil medeniýetiniň kemala gelmegine şert döredýär.

 

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.