logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak
  20.01.2026
501
Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak

Türkmen dili halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklarynyň, taryhy tejribesiniň hem-de milli dünýägaraýşynyň beýanydyr. Dilimiziň sözlük düzümi diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem halkyň akyl-paýhasynyň, döredijilik ukybynyň we medeni ösüşiniň aýnasydyr. Şonuň üçin türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesidir.

 

Sözlük düzümi diliň janlylygyny, döwrebaplygyny we täsir edijiligini üpjün edýär. Ylym-tehnologiýanyň, sanly ulgamyň, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň çalt ösýän döwründe täze düşünjeleri we hadysalary aňlatmak üçin täze sözlere zerurlyk döreýär. Bu zerurlyk diliň öz mümkinçilikleriniň hasabyna, ýagny köne sözlere täze many bermek, täze söz ýasamak, halk döredijiliginden, şiwelerden we taryhy çeşmelerden peýdalanmak arkaly kanagatlandyrylmalydyr.

 

Türkmen diliniň baýlaşmagy diňe alymlaryň ýa-da dilçi hünärmenleriň işi bolman, eýsem her bir dili göteriji adam üçin jogapkärçilikdir. Metbugatda, edebiýatda, ylmy işlerde we gündelik gepleşikde diliň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, ýerliksiz daşary ýurt sözleriniň ýerine milli sözleri ulanmak sözlük düzüminiň giňelmegine oňyn täsir edýär.

 

Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmakda çeper edebiýatyň, metbugatyň we sanly maglumat serişdeleriniň orny aýratyn uludyr. Ýazyjylar, žurnalistler we blogerler täze sözleri, täze many öwüşginlerini döredip, diliň ösüşine jan berýärler. Şeýle hem ylmy terminleriň türkmen diline geçirilmegi, ýörite sözlükleriň neşir edilmegi diliň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Bu işler diliň diňe geçmişe däl, eýsem geljege hem ynamly gadam basmagyny üpjün edýär.

 

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.