logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Türkmen diplomatiýasy: ählumumy ösüşiň bähbidine
  18.02.2023
1182
Türkmen diplomatiýasy: ählumumy ösüşiň bähbidine

Diplomatiýa, munuň özi, köpugurly we köpmanyly düşünjedir. Diplomatik işiň ýöredilişiniň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürlüligi bu düşünje barada dürli garaýyşlaryň öňe sürülmegine getirýär. Diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak boýunça resmi işdir. Ol döwletiň daşary aragatnaşyklary baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr. Durnukly ösüşi nazarlaýan ileri tutulýan ugurlar hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda aýratyn üns merkezinde saklanýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň bular babatyndaky başlangyçlary halkara derejesinde doly ykrar edilýär.

Durnukly ösüşi nazarlaýan ugurlar Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli çykyşlarynda aýratyn üns merkezinde saklanýar. Şol bir wagtda, bular babatyndaky Türkmenistanyň başlangyçlary halkara derejesinde doly ykrar edilýär. Häzirki wagtda halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň ösüşine ýardam bermäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň netijeli çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýän hemişelik Bitaraplygymyz durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.

Ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň diňe bir hyzmatdaşlyga däl-de, döwletleriň halkara gatnaşyklarynda dürli ugurlar boýunça öz üstüne alýan borçnamalarynyň hem durmuşda ýerine ýetirilmegine esaslanýandygy häzirki wagtda hemmelere mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, baky Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň diňe bir özüniň halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek babatynda energetika we ulag hyzmatdaşlygy arkaly halkara hukugynyň ösüşine hem mynasyp goşant goşýandygy buýsandyryjydyr. 

 

Aýgül ANNABERDIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.