logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmen diplomatiýasy dabaralanýar
  05.12.2022
1218
Türkmen diplomatiýasy dabaralanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, abadançylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar, belent maksatlar bilen rowaçlanýar. Bu günki gün Bitarap Watanymyz sebit hem dünýä ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Bitaraplyk döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatydyr. Ol ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, syýasy-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň taryhy köklerine, binýadyna düşünmekde Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Türkmeniň döwletlilik taryhyna nazar aýlanyňda, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygyna, beýik taryhy we medeniýeti döredendigine göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk, ynsanperwerlik tutuş taryhymyzyň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri, daýanç sütünleri bolup geldi. Şol mukaddes ýörelgelere eýerip, bu gün Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy dörediji Bitarap döwlete öwrüldi. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň düýp özeninde hem parahatçylygy döretmek sungaty bardyr.

Häzirki wagtda bütin dünýäde eziz ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, geljekki halkaraçy ýaşlara bilim bermek we hünär öwretmek babatda häzirki zaman innowasion ulgamlaryny we sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak işi batly depginde dowam etdirilýär. Bu bolsa Bitarap hem Garaşsyz ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligine içgin aralaşmagyna ýol açýar.

Pursatdan peýdalanyp, şeýle bagtyýar döwrümizde Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmäge mynasyp goşant goşjak halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 

 

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,   

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň 
1-nji ýyl talyby.