Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginde 30-dan gowrak Kararnamalaryň kabul edilmegi bir tarapdan türkmen halkynyň sözüne gadyr goýulýandygyny aňlatsa, ikinji bir tarapdan milli diplomatiýamyzyň parahatçylyga ýugrulandygyny alamatlandyrýar.
Mahym AKGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.