logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Bütindünýä Täsir etmegiň reýtingine» girizildi
  02.06.2023
1155
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Bütindünýä Täsir etmegiň reýtingine» girizildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Bütindünýä Täsir etmegiň reýtingine» girizildi. Bu baradaky hoş habar 1-nji iýunda «Times Higher Education» guramasyndan gelip gowuşdy. 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty şu sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça gatnaşdy:  

- SDG 3 (Saglyk we abadançylyk);
- SDG 4 (Ýokary hilli bilim);
- SDG 6 (Arassa suw we arassaçylyk);
- SDG 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk).
 

Institut üçin döredilen maglumatlary girizmegiň portalynyň üsti bilen resminamalaryň iberilmegi amala aşyryldy. Reýtinge gatnaşmak üçin materiallar we resminamalar ugradylyp, 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirildi we netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Täsir etmegiň reýtingine girizildi.

«Times Higher Education» guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen öňdebaryjy gurama hasaplanylýar. Hakykatda, bu gurama tarapyndan geçirilýän iki sany bütindünýä reýtingleri, Bütindünýä uniwersitetleriň reýtingi(World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatlanýan ady belli, iň abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanylýar. 2023-nji ýylda bu reýtinge 106 ýurtdan 1400-den gowrak ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy.

Ýeri gelende belläp geýsek, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelere esaslanyp, okuw hem-de ylmy işler innowasion usulda ornaşdyrylýar. Professor-mugallymlar we talyplar halkara derejeli ylmy žurnallarda ylmy makalalary çap edýärler. Şeýle işler abraýly sanawa goşulmakda öz oňyn netijesini berýär.  

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.