logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2-nji açyk internet olimpiadasy geçirildi
  20.01.2023
1242
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2-nji açyk internet olimpiadasy geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 2-nji açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiadada ýurdumyzyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylary saýlap alan ugurlary boýunça berlen wagtyň dowamynda ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde oňa gatnaşan okuwçylaryň 50-si baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň zehinli okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen olimpiadanyň ýeňijileriniň arasynda lebaply okuwçylaryň 7-siniň bardygy bellärliklidir. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Jennet Joraýewa iň utuk gazanyp, matematika dersi boýunça 1-nji orna mynasyp boldy.