logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär!
  20.04.2023
1167
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär!

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2023-nji ýylyň 11, 12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, institutymyzda guramaçylykly geçirilýän «Açyk gapylar» gününde dabara gatnaşyjylar ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işleri, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. 

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy, telefon belgilerimiz: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.