logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Türkmen dzýudoçysy halkara ýaryşda baýrakly oruna mynasyp boldy
  02.04.2024
537
Türkmen dzýudoçysy halkara ýaryşda baýrakly oruna mynasyp boldy

Türkmen türgenleri halkara we ýurdumyzyň çäginde geçirilýän sport ýaryşlaryna, bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaňy ýakynda hem Türkiýe Respublikasynda geçirilen «Grand Slam Antalya 2024» halkara ýaryşynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilograma çenli agram derejesinde guralan gyzlaryň ýaryşynda Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy. Hytaýly garşydaşy Kýui Kai ýeňen türkmen dzýudoçysy hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykmagy başardy.


 

Ozal hem birnäçe abraýly ýaryşlara gatnaşyp üstülikli netije görkezen türkmen dzýudoçysy Maýsa Paradaýewa «Grand Slam Antalya 2024» halkara ýaryşyny hem üstünlikli tamamlady.


 

Ýurdumyzda sporta örän uly üns berilýär. Her ýyl däp bolşy ýaly aprel aýy Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Il saglygy ýurt baýlygy” ady bilen geçirilýän bir aýlyk saglyk aýy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. 


Jemal Meretdurdyýewa,
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky
inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.