logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen el halylary üçin täze bazarlaryň gözlenilmegi tabşyryldy
  10.07.2022
995
Türkmen el halylary üçin täze bazarlaryň gözlenilmegi tabşyryldy

Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen geçiren giňişleýin mejlisinde degişli pudak ýolbaşçylaryna türkmen halysynyň eksportynyň möçberini artdyrmak üçin täze bazarlary we satuwyň täze usullaryny gözlemegi tabşyrdy.

Türkmen telekeçileri haly önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.

Muňa mysal hökmünde ýaňy ýakynda «Hemdem» haryt nyşanly el halylary we haly önümleri ABŞ-niň meşhur "eBay" onlaýn satuw platformasyna goşuldy.

Telekeçi Arslan Hudaýberdiýew häzirki wagtda "eBay" onlaýn söwda platformasynda “Hemdem” haly önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki halylar, halydan dokalan ýan torbalar, kilimler, namazlyklar we diwarlyk bezeg halylary ýerleşdirilendigini aýtdy.

"Hemdem" haryt nyşanly käbir önümleri şu ýerdäki seplerden görmek mümkin:
Önüm 1;
Önüm 2;
Önüm 3;
Önüm 4;
Önüm 5;
Önüm 6;
Önüm 7;
Önüm 8;
Önüm 9;