Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) taslamasy ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň mümkinçiliklerini sebit derejesinde netijeli peýdalanmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu ugurda möhüm ädimleriň biri 2018-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi boldy. Bu desga Türkmenistanyň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin hem täze mümkinçilikleri döretdi.
TOP taslamasynyň türkmen böleginde alnyp barlan işleriň netijesinde Mary döwlet elektrik stansiýasyndan türkmen-owgan serhedine çenli 259 kilometr uzynlykda 220 kW güýjenmeli iki zynjyrly elektrik geçirijisi çekildi. Şeýle hem «Serhetabat» elektrik bekedinden «Guşgy» bekedine çenli we türkmen-owgan serhedine çenli täze elektrik geçirijileriniň gurulmagy Mary welaýatynda halkalaýyn energoulgamyň kemala gelmegine şert döretdi.
Türkmenistanyň Owganystan bilen energetika hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürilýär. 2021-nji ýylda «Serhetabat - Hyrat» ugur boýunça hereket edýän elektrik geçiriji ulgamynyň durky täzelenip, elektrik energiýasyny 220 kW güýjenmede has netijeli paýlamaga mümkinçilik döredildi.
TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabry aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şol gün Owganystanyň Hyrat welaýatynda «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze desganyň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bekediň gurluşygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň hünärmenleri baş potratçy hökmünde möhüm işleri ýerine ýetirdiler.
Taslamanyň çäklerinde «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini geljekde döwrebaplaşdyrmak hem meýilleşdirilýär. Şeýle-de Hyrat welaýatynda «Pul-e-Haşemi», «Nur-el-Jahad» we «24 Hut» elektrik beketlerini birleşdirjek 80 kilometrlik 220 kW güýjenmeli elektrik geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.
Bu giň gerimli işler TOP taslamasynyň diňe elektrik geçirijilerini we beketlerini gurmak bilen çäklenmeýändigini, eýsem sebitde ygtybarly energetika ulgamynyň kemala gelmegine, döwletleriň ykdysady ösüşine we energetika hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagyna hyzmat edýändigini görkezýär.