logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi
  06.10.2025
558
Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şarja şäherinde Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Foruma iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, ykdysadyýet, maýa goýumlar, senagat we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmesnistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

 

Forumyň dowamynda üstünlikli işewürlik tejribeleri paýlaşıldy, panel çykyşlar we B2B duşuşyklar guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M. Gurdow çykyş edip, bu forumyň türkmen döwletiniň “Açyk gapylar” syýasatyna laýyklykda, Emirlikler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat edýändigini belledi.

 

Forumyň jeminde gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeljekdigine ynam bildirdiler.

 

Şamaral GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.