logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler
  09.09.2025
1802
Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 1–10-njy oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde Türkmen–Emirlik işewürler forumy guralar. Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy bilelikde guraýarlar. Bu barada TSSE habar berýär.

 

Forum häzirki zaman söwda we senagat ugurlaryndaky täze tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak, sebitdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze hyzmatdaşlary tapmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

 

Maksatnamada öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda panel çykyşlary, üstünlikli taslamalaryň tanyşdyrylyşy, şeýle hem eksport hem-de maýa goýum mümkinçiliklerine degişli ýörite sessiýalar bar.

 

Innowasiýalaryň halkara söwda we senagat ulgamyna täsiri, şeýle-de durnukly ösüş meseleleri esasy üns merkezinde bolar. Guramaçylar forumyň gatnaşýan taraplara Ýakyn Gündogar bazarynda ornuny berkitmäge we täze hyzmatdaşlyk ugruny açmaga ýardam etjekdigini nygtaýarlar.

 

Geçen gezekki «Türkmenistan – BAE» işewürlik forumy 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabatda geçirilipdi.

 

Seýitmuhammet Orazmämmedow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.