Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş
  11.06.2025
1020
Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Tailandyň milli ýygyndy topary bilen duşuşdy. "D" toparçasynda bolan bu duşuşyk Aşgabatdaky köpugurly stadionda geçirildi we oýunda Türkmenistanyň ýygyndysy Tailandy 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

 

Duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy güýçli depginde oýna başlady we eýýäm 1-nji minutda Mihail Titowyň geçiren pökgisi bilen hasapda öňe saýlandy. Emma 35-nji minutda Tailandyň futbolçysy Supaçai Çaided hasaby deňledi – 1:1.Şol goluň yzýany, diňe 2 minutdan soňra, ýagny 37-nji minutda, Yhlas Saparmämmedow Türkmenistanyň ýygyndysyny ýene öňe çykardy – 2:1. Duşuşykda ýeňiş gazanmak üçin has uly yhlas görkezýän türkmen futbolçylary 66-njy minutda Mekan Saparowyň geçiren pökgisi bilen hasaby 3:1-e ýetirip, ýeňşi berkidýärler.

 

Şeýlelikde, milli ýygyndymyz bu duşuşykda hem üstünlik gazanyp, saýlama tapgyrda geçiren iki duşuşygynyň ikisinde hem ýeňiş gazanyp, umumy 6 utuk toplady.

 

Mundan öňki oýunda, saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda, ýygyndymyz Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny onuň öz meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňipdi.

 

Röwşen Meredowyň tälimçiligindäki milli ýygyndymyz saýlama tapgyrynyň çäklerinde jemi 6 oýun oýnar: olaryň 5-si 2025-nji ýylda, galan 1-si bolsa 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriler.

 

Bu tapgyrlaryň netijesinde toparlarda birinji orny eýelän toparlar Aziýa Kubogy — 2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugyny alarlar. Bu ýaryş Saud Arabystanynda geçiriler.