logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmen-Gazak dostlugy
  04.11.2021
755
Türkmen-Gazak dostlugy

Däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikler geçirilýär, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşylýar.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, çuňňur medeni-ruhy gatnaşyklaryna esaslanan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge örän uly goşant goşulýar.

Halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky durnukly we ynanyşmaga esaslanýan häsiýetli gatnaşyklaryň iki doganlyk döwletiň esasy bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynam bildirilýär.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Döwlet serhediniň iki doganlyk ýurduň we halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk serhedi bolup galmagy üçin mundan beýläk-de çäreleri görerler.

Iş ýüzünde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge umumy çalyşmakdan ugur alyp, iki ýurduň baştutanlary söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljegi uly bolan mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň utgaşdyryjy edara hökmündäki, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny bellenilýär.