logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmen gazyny Ermenistana eksport etmek boýunça gepleşikler geçirilýär
  01.04.2025
1169
Türkmen gazyny Ermenistana eksport etmek boýunça gepleşikler geçirilýär

Ermenistan türkmen tebigy gazyny satyn almak mümkinçiligini seljerýär we bu ugurda häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşikler geçirilýär. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan habar berdi.

 

Deslapky ylalaşyga laýyklykda, tebigy gaz Eýranyň çäginden “swap” usuly arkaly iberilip, 600 milliondan 1 milliard kubmetre çenli möçberde satyn almak meýilleşdirilýär.

 

Mundan başga-da, habarda türkmen tebigy gazyny Ermenistanyň üsti bilen Gruziýa üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň hem göz öňünde tutulýandygy bellenilýär. Gruziýa bu hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Bu ugur Gara deňiz sebitindäki ýurtlaryň energiýa üpjünçiligi üçin täze mümkinçilikleri açyp biler.

 

Häzirki wagtda Ermenistan “Elektroenergiýa çalşylýan gaz” maksatnamasynyň çäginde Eýrandan tebigy gaz import edýär. Ýurduň milli gaz üpjünçilik ulgamyna bolsa “Gazprom Ermenistan” kompaniýasy hyzmat berýär.

 

Aýbölek PERDÄÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň mugallymy.