logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Türkmen gazyny Ýewropa geçirmegiň täze ýollary gözlenýär
  11.03.2024
637
Türkmen gazyny Ýewropa geçirmegiň täze ýollary gözlenýär

Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa getirmegiň täze ýollaryny gözleýär. Stambulda geçirilen Energetika we klimat forumynda Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar Ankaranyň üç ýoly gözden geçirýändigini aýtdy.

 

 

“Olaryň birinjisi türkmen gazynyň swop arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçirilmekden ybarat. Ikinjisi onuň Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen alyş-çalyş arkaly Türkiýä gelmegini göz öňünde tutýar. Amatly energiýa çeşmesi hökmünde türkmen gazy Türkiýä has berk, has durnukly we geçiriş ukyby ýokary bolan, Hazar deňzinden geçýän turbogeçirijiler arkaly geçirip bilner. Gaz üpjünçiligiň başlangyç mukdary 2 mlrd kub metre çenli bolup biler.

 

 

Bu ugurda işler alynyp barylýar, Türkiýe bilen Russiýa Stambulda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Türkiýe Ministri “Stambulyň maliýe merkezi üçin, ilkinji nobatda, “Gazprom” bilen gaz söwda meýdançasynyň üstünde işlenilýändigini” ýatlap geçdi.“Biz bu meýdançany gysga möhletde ulanylyşa girizip bileris” diýip nygtap geçdi.


Läle IGDIROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
1-nji ýyl talyby.