logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmen gelin-gyzlarynyň asylly däp-dessurlaryny wagyz etmek
  01.12.2021
982
Türkmen gelin-gyzlarynyň asylly däp-dessurlaryny wagyz etmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara goýulýan sarpa, olar baradaky alyp barylýan işler ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan ugur alyp, häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär.

Hormatly Prezidentimiziň gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygy barada aýdanlaryndan ugur alnyp,  bu günki gün   maşgala gymmatlyklaryny, ahlak ýörelgelerini gorap saklamak, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda ähmiýetli bolan birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary ýygy-ýygydan geçirilýär.

Şeýle çäreleriň ýene-de biri Kaka etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň hem-de Zenanlar guramasynyň Milli Merkezi geňeşiniň gatnaşmagynda, Kaka etrap häkimliginiň taýýarlamagynda, etrabymyzyň edara-guramalarynyň zenanlarynyň şeýle hem hormatly ak saçly enelerimiziň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede hormatly Prezidentimiziň türkmen milli däp-dessurlarynyň gaýtadan dikeldilişine giň ýol açyp bermegi bilen, biziň ene-mamalarymyzdan gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek, olaryň ediliş aýratynlyklary we olaryň taryhy gelip çykyşy dogrusynda  gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle hem çärede maşgalany agzybir saklamak, çaga terbiýesine uly gözegçilik etmeklik ilkinji nobatda zenanlaryň paýyna düşýänligini, enäni we çagany goramak meselelerine-de uly üns bermelidikleri barada-da nygtalyp geçildi.  Şeýle-de çärede Kaka etrap Medeniýet bölüminiň döredijilik toparynyň çykyşlary we ýerine ýetirmeklerinde  Watanymyzy, milliligimizi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary  hem ýaňlandy.  

Dabaranyň ahyrynda Türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny wagyz etmekde we olary geljekki ýaş nesillere öwretmekde giň ýol açyp beren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri hem eşidildi. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.