logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen-gruzin gatnaşyklary
  12.06.2026
235
Türkmen-gruzin gatnaşyklary

Ýakynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Halk goragçysy L.Ioseliani bilen duşuşyk geçirdi.

 

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, şeýle hem onuň yzygiderli ösdürilip, işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler.

 

Gepleşikleriň barşynda adam hukuklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de milli adam hukuklary institutlaryny kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bu ugurda toplanan oňyn tejribeleri özara alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hormat we ynam ýörelgelerine esaslanýan netijeli dialogy dowam etdirmäge, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.