Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Türkmen halkynyň adaty iýmit ulgamy
  13.10.2025
44
Türkmen halkynyň adaty iýmit ulgamy

Taryhy nukdaýnazardan seredilende, ata-babalarymyz ir zamanda adaty iýmit ulgamynda ösümlik we mal önümleri-et, ýag, şeýle hem maýa we fermentlenen​ süýt agdyklyk edipdirler. Süýt önümlerden- agaran, gymyz , mesge, gatyk, peýnir taýýarlapdyrlar. Ösümlik önümlerden - däne we bagça-bag hasyllary ýetişdiripdirler. Bugdaýdan dürli çörek önümleri we galladan köp tagamly nahar-aş taýýarlanyp bişirilipdir. Mundan başga-da, türkmen halky guşçylyk, aw, balyk tutmak we iýilýän ýabany ösümlikleri ýygnamak bilen meşgullanýardy. Bu azyk modeli türkmenleriň arasynda Oguzhan döwürden, şu güne çenli saklanyp galypdyr.

 

Türkmen halkynyň iýmitleniş taryhy asyrlara uzap gidýär. Gadymy döwürde iýmit üçin ulanylýan ýabany ösümlikleriň sany ýüzlerçe bolupdyr. Ösümlik iýmitleri adamlara çölde, sähralarda we daglarda ýaşamaga kömek etdi we güýç berýän bejeriş serişdesi hasaplandy. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda ýazyň başynda, tomusda we güýzde adamlar üçin ýokumly maddalary-witaminleri we mikroelementleri​ saklaýan ýabany ösümlikleri – yşgyn, çaryş​, gataňňyr, dadran, iri miwelije, alwan kökleri; it burun, goýul, injir, ýemşen, böwürslen, igde, hoz miweleri; yşgyn, çomuç baldaklary we ysmanagyň, semzegiň, turşyjanyň​, ak selmeniň​ ýaş ýapraklary iýmite ulanypdyrlar. Häzirki zamanda türkmen halkynyň milli aşhanasynda ýabany we medeniýetleşdiren​ ösümliklerden dürli tagamlar taýýarlanýar.

 

Bugdaý, arpa, dary, jöwen, mekgejöwen we tüwi gadymy taryhy döwürlerde türkmen halkynyň azyk sebitine girdi. Etnograf alymlary, aşpezlik ewolýusiýasyny​ göz öňünde tutup, däne tagamlaryny öwrenýärler. Iýmitiň ylmy klassifikasiýasyna​ esaslanyp, türkmen halkynyň aşhanasynda däne tagamlarynyň aşakdaky görnüşleri tapawutlanýar: gazanda bütin gowrulan däneler – gowurga, sek, talhan; bütin dänäni gaýnadylan –dänik, süýtli aş, atýüwrük, palaw; gaýnadylan ýarma- bugdaý ýarmasy, köje; gaýnadylan un- bulamak, guýmak, çalgy aş; gaýnadylan hamyr – unaş, belke, gaýyş, kürtük; et we gök ot doldurmak bilen gaýnadylan hamyr-börek, manty ; gowrulan hamyr –pişme, çelpek, gatlama, possuk, çapady; tamdyrda bişirilen hamyr- petir we hamyrly çörek; et we gök ot doldurmak bilen gowrulan hamyr- gutap, işlekli.

 

Ondan başga-da gadymy däp-dessur, maýsalan​ bugdaýdan semeni taýýarlanýar. Bugdaý däne gögerende, ätiýaçlyk beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň bölünmegi aňsat siňdirilýän şekerleriň, boş aminokislotalaryň​ we witaminleriň emele gelmegi bilen ýüze çykýar. Şonda tebigy antioksidantlaryň we antibiotikleriň​ mukdary köpelýär. Netijede, gögeren däneler peýdaly fiziologiki taýdan işjeň maddalar bilen baýlaşdyrylan biologiki gymmatly, özboluşly önümidir.

 

Türkmen halkynyň iýmitleniş ulgamyny öwrenmek üçin gurluş we genetiki derňew usullaryna girýän iýmit klassifikasiýasynyň​ dürli usullary ulanylýar. Gurluş çemeleşmesiniň mysaly- iýmiti maksada görä toparlara bölünmegi. Mysal üçin, gündelik iýmit, baýramçylyk nahary, toý nahary we ş​.m​. Şeýle hem aşhana klassifikasiýasy bilen yzygiderliligi (çorbalar, aşlar, souslar​ we ş​.m​.) we hyzmat etmegiň tertibine (birinji naharlar, ikinji naharlar we ş​.m​.) esaslanýar. Iýmitiň deňeşdirme taryhy gözleginde, tagamlar iki topara bölünýär: ösümlik we haýwanat önümlerden bişirilen naharlar we olaryň gelip çykyşy boýunça genetiki klassifikasiýa aýratynlygyny ulanmak has ýerliklidir. Şeýle hem ösümlik we haýwanat önümlerinden bilelikde bişirilen naharlar öz içine alýan iki komponentli​ tagamlar bar.

 

Adamlaryň durmuşynda iýmit, adatça, belli bir yzygiderlilikde we kombinasiýada​ tagam bölekleriniň konfigurasiýasy bolan naharyň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Bu klassifikasiýa laýyklykda iýmitlendirme - ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary; ýagdaýa görä - öý, meýdan we köpçülik-jemgyýet naharlary; many we abraý boýunça - gündelik, baýramçylyk, toý, däp-dessurlara görä bölünýär.

 

Naharlary klassifikasiýa etmegiň ylmy ýörelgelerine esaslanýan alymlar, türkmen halkynyň adaty iýmit ulgamynda - öý we jemgyýetçilik naharlarynyň iki esasy görnüşini tapawutlandyrýarlar. Öý naharlary iki görnüşe bölünýär - gündelik we myhman üçin naharlary. Jemgyýetçilik naharlary, göni garşydaş wakalara baglylykda iki görnüşe bölünýär - şatlyk we gaýgy- ýas. Birinji görnüşi, ýörite şatlyk wakalaryň hormatyna köpçülikleýin naharlary - durmuş toý, çaganyň dünýä inmegi, jaý toýy, ýaş toýy we ş​.m​. Ikinji görnüşi, ýas bolanda aş bermek, Hudaýýoly we Sadaka naharlaryny öz içine alýar.

 

Türkmen halkynyň gündelik öý naharlary günde üç nahara - ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryna gönükdirilýär. Kontinental howada ýaşaýan we günortanlyk üçin iň ýokumly nahar iýýän Ýewropa halklaryndan tapawutlylykda türkmen halky yssy howa düşende, agşamlyk nahary üçin, elmydama köp tagamlary taýýarlaýarlar. Türkmen halkynda ertirlik, günorta we agşam nahar bilelikde gök çaý içmek, aýrylmaz häsiýetidir. Bu aýratynlyk türkmen halkynyň etnik görkezijisine öwrüldi. Taryhy we etnografiki «Dünýa halklary» ensiklopedik kitabynda türkmen halkynyň etnik aýratynlyklary berilýär, bu ýerde türkmenleriň köp mukdarda gök çaý içýändigi diýilýär.

 

Türkmen halky gadymy däp-dessurlaryny özünde jemleýän baý milli aşhanasy, dürli tagamlary bilen tanalýar. Türkmen halky mylakatly we myhmansöýer adamlar hasaplanýar.

 

Häzirki döwürde, Türkmenistanda uly azyk senagaty işleşýär. Azyk senagatynda dürli iýmit önümleri çykarylýar. Türkmen halky ýokumly naharlar bilen iýmitlenýärler. Adamlaryň sagdyn ýörelgesi bilelikde, Türkmenistanda - “Saglyk” döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

 

Ýusup MÄMMEDOW,

biologiýa ylymlarynyň kandidaty.