logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenkony gutlady
  21.06.2023
1020
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenkony gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady.

Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, älem giňişligini özleşdirmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

TDH.