logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Türkmen halysy - arşyň nepisligi
  01.04.2024
873
Türkmen halysy - arşyň nepisligi

Türkmen ýaýlasyna baharyň gelişi, tebigatyň janlanyşy örän üýtgeşik. Şeýle ajaýyplyklar dünýäsine siňe seredeniňde türkmeniň kalby deýin päk gözelligi synlamak bolýar. Bahar bägüllerine deňelýän gelin gyzlaryň on barmagyndan sünnälenip çykýan nepis halylar hem şol owadanlygyň bir parçasy bolup orta çykýar. Halkymyzyň haly sungaty bilen tanyşanyňda - tebigata seýrana çykan ýaly bolýarsyň.

Ene-mamalarymyzdan miras galan bu inçe sun­ga­t gö­räý­mä­ge di­ňe gö­zel­li­giň, be­ze­giň ny­şa­ny sa­ýyl­ýan ýa­ly­dyr, ýöne welin ha­ly­lar ta­ry­hyň gizlin sahylalarynyň üs­tü­ni aç­mak­da anyk su­but­na­ma­la­ry özün­de jem­le­ýän gym­mat­lyk­ bolup durýar. Çünki ha­ly gölleriniň her bir çitiminde hal­ky­my­zyň geç­mi­ş taryhy, dur­mu­şy­, ýa­şaý­şy­, ar­zuw­la­ry­-islegleri,  üs­tün­lik­le­ri­, gy­nanç­la­ry­, buý­sanç­la­ry­ ezberlik bilen ýazylypdyr.

 

Bereketli türkmen topragy nepis el ha­ly­larynyň me­ka­ny, ha­ly­çy­lyk se­ne­di­niň bolsa dö­rän ýe­ri hasaplanylýar. Hatda bi­ler­men­leriň ýazgylarynda türk­men ha­ly­sy­na «Türk­me­niň se­ne­na­ma­sy­dyr» di­ýlip ýazylan ýazgylara gabat gelmek bolýar. 

 

Türk­men ha­ly­sy­nyň her bir nag­şy­nyň, her bir gö­lü­niň aňyr­syn­da gi­den ta­ryh, hal­kyň is­leg-ar­zu­wy, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň be­ýa­ny ýa­tyr. Her bir gö­lü­niň, her bir nag­şy­nyň syr­ly dün­ýä­si ro­wa­ýat­la­ra si­ňen türk­men ha­ly­sy­nyň özi hem asyr­lar­dan asyr­la­ra jan­ly ro­wa­ýat bo­lup, mu­kad­des­li­ge öw­rü­lip, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ha­ta­ryn­da ba­ky orun eýeleýär. Bu gym­mat­lyk­la­ry gö­zü­mi­ziň gö­re­ji de­ýin go­ra­mak, olary kä­mil­leş­dir­mek, döwrebap görnüşde gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.

 

Göwher GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.