logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmen halysy – gadymyýetiň ilçisi
  10.03.2023
1278
Türkmen halysy – gadymyýetiň ilçisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda halkymyzyň taryhyň dowamynda sünnäläp döreden milli gymmatlyklaryna goýulýan sarpa belentdir. Şeýle gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmek we geljekki nesillere kämil görnüşde ýetirmek möhüm ugurlaryň biridir. Ady dünýä dolan, nepis türkmen halysy, ýyndam bedew aty hem alabaý iti, milli şaý-sepleri, gözelligi özünde jemleýän sähra güllerine çalymdaş keşdedir nagyşlary özboluşly genji-hazyna hem-de tapylgysyz baýlykdyr. Halkymyzyň milli senediniň gadymy nusgalarynyň biri-de nepis türkmen halysydyr. Halyçylyk sungaty milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan mynasyp goşandydyr. Haly  we haly önümleri halkymyzyň gymmatlyk hem sungat derejesine ýetiren maddy, ebedi baýlygydyr. Türkmen halysynyň meşhurlygy, onuň ähmiýetli orny barada Mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly gymmatly kitaplarynda giňişleýin berlip, onda halkymyzyň halyçylyk sungaty ganatly jümleleriň üsti bilen çeper beýan edilýär. Paýhasly ene-mamalarymyzyň ýürek mähri, irginsiz yhlasy siňen ajaýyp halylarymyz dünýä ýüzünde meşhur sungatdyr. Halylarymyz hem haly önümlerimiz üýtgeşik çeper eseri ýadyňa salýar. Nesilden-nesle geçip, asyrlar aşyp gelen türkmen halylarymyz döredijilik nusgasynyň mizemezligidir. Ol baradaky taryhy tapyndylar we onuň gadymy hem naýbaşy nusgalary ýurdumyzyň milli muzeýlerinde aýawly saklanýar. Gadymyýetiň, asyrlaryň ilçisi bolan türkmen halylary bu gün halkara derejesinde sarpalanýar. Muňa mysal hökmünde ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna türkmen halyçylyk sungatynyň girizilmegini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki türkmen halysy – sungatyň hut özi, milletimiziň ruhy aňynyň, pähim-paýhasyň ebedi dabaralanmasydyr. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmekde, gadymy türkmen halylarynyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny älem içre wagyz etmekde alnyp barylýan işler nesiller üçin nusgalyk şamçyragdyr.  

 

Merjen ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.