logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Türkmen halysy gözelligiň we sungatyň nusgasy
  15.06.2021
1382
Türkmen halysy gözelligiň we sungatyň nusgasy

Ýagny, Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi bilen bütündünýä meşhur bolupdyr. Muňa mysal edip bolsa, Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan haly galyndylary, halkyň haly sungatynyň gadymy döwürlere uzandygyna şaýatlyk edýär. Haly dokamak bilen köplenç aýal-gyzlar meşgul bolupdyrlar. Türkmen zenany her bir dokan halysyna tebigatyň çyzgylaryny, haýwanlaryny we gündelik durmuşynda ulanýan enjamlaryny siňdirmegi başarypdyrlar. Her bir türkmen taýpasynyň özüne mahsus bir nusgaly düşünjesi bolupdyr. Her taýpanyň ýerleşiş ýerleri we ýaşaýşyny görkezýän nusgalara gabat gelmek bolýar.

Türkmen halylarynda hiç hili üýtgemeýän belli element “Göl” nusgasy bolup durýar. Dury suw toplanmasy manysynda ulanýan göl Türkmen halysynyň meşhur motiwidir. Her taýpa dokan halysynda özlerini beýan edýän göllerini ulanypdyrlar. Häzirki wagta hem dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.