logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /“TÜRKMEN HALYSY-GÖZELLIK GUDRATYNYŇ AJAÝYP DÜNÝÄSI”
  30.05.2022
1168
“TÜRKMEN HALYSY-GÖZELLIK GUDRATYNYŇ AJAÝYP DÜNÝÄSI”

    Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň guramagynda etrabyň Medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynyň gyz-gelinleriniň arasynda “Türkmen halysy – gözellik gudratynyň ajaýyp dünýäsi” ady bilen maslahat geçirildi hem-de haly önümlerine degişli milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalamak bilen birlikde olar babatda türkmeniň kalbynda täze bir dünýäni hem açyp berdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halylary bagt nury bilen öwüşgün atýar. Olary ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegi, bedew atlarymyzyň toý esbaby hökmünde göreniňde, göwnüň hakykatdan hem bagtyýarlyk şuglasy bilen ganatlanýar. Döwlet baştutanymyzyň şa serpaýy, hormatly atlar, gymmatly sowgatlar bilen päk zähmetine belent sarpa goýulýan halyçylarymyzyň öz asylly kärine höwesi, yhlasy günbe-günden päkize çeşme ýaly joşup gaýnaýar. Her bir halkyň özüniň gadymdan gelýän milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty, çeperçilik önümler bu günki-günde biziň ajaýyp, nepis türkmen halylarymyzda jemlenýär. Türkmen halysy milletimiziň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy hasaplanýar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudraty bilen hakyky sungat derejesine ýeten, türkmeniň ajaýyp läle-reýhana beslenen sährasyny ýadyňa salýan nepis halylarymyz asyrlar aşyp, biziň bagtyýarlyk günlerimize gelip ýetipdir. At-owazasy dünýä dolan bu ajaýyp nepisligiň baýramy her ýyl ýurdumyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýär. Maslahatyň dowamynda milli gymmatlyklarymyza bagyşlanyp guralan sergide tapawutlanan gelin-gyzlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesi tarapyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan dörän, türkmeniň köňül nagşyna öwrülen, durşy bilen gözellige ýugrulan halylarymyz bu gün biziň buýsanjymyz hem guwanjymyzdyr. Milli mirasymyzy wasp etmekde, türkmen halysynyň baýramyny giňden belläp geçmekde uly goldaw berýänligi üçin Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag ömriniň uzak alyp barýan işlerinde mydama üstünlikleri arzuw edýärin.