logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Türkmen halysy maşgala daragty
  23.04.2022
1006
Türkmen halysy maşgala daragty

Halynyň watany Türkmenistan bolup ol adamlary birleşdirýän we hyzmatdaşlyk duýgusyny döredýän Türkmeniň dünýä  meşhur milli önümidir. Haly gadymyýetde çölde we daglyk ýerlerde ýaşan adamlar düşek hökmünde we şol wagtlar toýlarda gelin kejebesini bezemekde hem giňden ulanylypdyr.

Gadymy döwürden tä şu güne çenli  jaýlaryň gapylarynda “gapylyk” hökmünde dokalýan ýörite halylar asylyp gelinýär.

Gadymyýetde we häzirki döwürde Türkmenler halydan dokalan namazlyklarda namaz okap, ýörite düşek üçin niýetlenen halylarda bolsa saçak ýazyp naharlanypdyrlar. Haly diňe öý hojalyklarynda ulanylman baýramçylyklarda we dürli çärelerde şeýle-de Bedew baýramçylygynda geçirilýän atlaryň gözellik bäsleşiginde we çapyşyklarda ýeňiji bolan atlara at arkasy gutlanmagy mynasybetli türkmen halysy serpaý ýapylýar.

Türkmen hojalygynda esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýarlar. Halyny diňe aýal-gyzlar dokap, gadymdan gelýän sungat bolup ol eneden gyza geçip şu günlere gelipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine hemme taraplaýyn siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenilip baýram edilýär we bu sungatyň waspy dillerden düşürilmeýär.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagta çenli dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny hem buýsanç bilen belläp geçmek bolýar. 2001-nji ýylda dokalan Türkmen halysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1 tonna 200 kilogramdyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar.

Tirkeş BALYŞEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.