logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmen halysy – nepisligiň sungaty
  18.01.2024
584
Türkmen halysy – nepisligiň sungaty

Türkmen halkynyň süňňüne siňen nepis, naýbaşy sungatlaryň biri-de müňýyllyklaryň dowamynda özüniň asyl durkuny saklap galan halyçylyk sungatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly kitaplary bu sungatyň dabarasyny has-da beýgeldýär. Dünýäniň dürli künjeklerinde sungat adamlarynyň ünsüni özüne çekýän bu kitaplarda türkmen halkynyň durmuşy hem-de gadymy mizemez sungaty, halyçylygyň döreýşi we geçmişi örän aýdyň beýan edilýär. Ol eserlerde türkmen halysynyň tebigy gözelligi bilen ýaşaýyş-durmuşynyň sazlaşygy inçelik bilen açylyp görkezilýär. Çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyz durmuşyň gözelligini, Watanymyzyň tebigy öwüşginlerini, türkmen kalbynyň päkligini, owadanlygyny, dünýägaraýşynyň giňdigini, dürli öwşün atýan nagyşlarda, haly göllerde görkezmegi başaryp bilipdirler. Olaryň şeýle ussatlygy dürli döwürlerde hem ýokary baha mynasyp bolupdyr.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş gelin-gyzlaryň arasynda dürli görnüşdäki el işleriniň bäsleşiklerini yzygiderli geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň maksady bolsa arassa ahlakly, milli ruhda terbiýelenen nesilleri kemala getirmek bolup durýar.

 

 

Milli mirasymyza belent sarpa goýýan, ýaşlaryň dana pederlerimize mynasyp perzetnler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Aziz POLADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.