logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Türkmen halysynyň taryhy
  24.10.2021
1601
Türkmen halysynyň taryhy

Eger-de siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzlaryny görse bolýar: haly önümi dünýäni göz öňünde janlandyrýar.Haly Türkmenistanda iň meşhur geçginli haryt hasap edilýär, ol adamlary birleşdirýär, ysnyşmak, umumylyk we hyzmatdaşlyk duýgusyny ösdürýär. Türkmen halysy öz gözbaşyny mähriban topragymyzdan alyp gaýdýar onuň üstünde bitýän ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň ýüňünden dokalýar, goýun ýüňleri şu toprakda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar we hala çitilýär. Türkmen halysyndaky keşdeler hem ekin meýdanlary, gülleri, haýwanlary, çaýlary, derýalary, şeýle hem Güni, Aýy we ýyldyzlaryň şekilleri bilen tebigaty şöhlelendirýär. Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşeklik üçin döredilen bolmaly. Haly ýokarky görkezilen şertlerden goranmak üçin örän gowy oýlanylyp tapylan serişdedir, şeýle hem olary bir ýerden başga ýere alyp gitmek üçin epläp ýygnamakda örän amatly bolupdyr. Bu bolsa derisini almak üçin gymmatly mallary soýmagyň zerurlygyny aradan aýrandygyny, şol bir wagtda olardan ýylyň-ýylyna ýüň alnandygyny aňladýar. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Onuň ortarasynda ýylyň dört paslyny we ýaşaýşyň möwrillerini aňladyp, ony dört bölege bölýan çäk bolupdyr. Türkmen hojalykdaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol tiräniň we maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Haly torbalar dürli hili öý goşlaryny, şahsy zallary saklamaga niýetlenilýär.

Turkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Turkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr.