Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler
  17.07.2025
781
Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç Radman telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Gepleşikde taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki ykdysady forumyň taýýarlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çärä iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu gepleşikler Horwatiýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçiriler. Şol saparyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň dördünji mejlisiniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşyp, özara gyzyklanma bildirilen ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetiniň bardygy bellenildi.

 

Ministrler ÝHHG-niň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany tassykladylar we sebitleýin hem-de halkara howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler.

 

Şeýle-de, duşuşykda 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyklar we şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.