logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen hünärmenleri "bb.com.tm" sosial ulgamy we "tv.com.tm" onlaýn kinoteatry işläp taýýarladylar
  27.07.2022
1907
Türkmen hünärmenleri "bb.com.tm" sosial ulgamy we "tv.com.tm" onlaýn kinoteatry işläp taýýarladylar

Türkmen hünärmenleri "bb.com.tm" sosial ulgamy we "tv.com.tm" onlaýn kinoteatry işläp taýýarladylar. Bu barada Rysgal gazeti habar berýär.

Sanly tehnologiýany, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini halka elýeterli etmekde türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bardyr. Bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan hususyýetçileriň biri hem telekeçi Eziz Beknazarowdyr.

Onuň ýolbaşçylygyndaky «Sungat eseri» hususy kärhanasy 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, ol ilkibaşda sanly ulgamda birnäçe jemgyýetçilik çärelerini, şowhunly konsertleri guramak bilen meşgullanyp, 2018-nji ýylyň başynda IT ulgamyna girişip başlady. Bu ýerde häzirki wagtda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan, öz işine ussat programma düzüjileriň, IT hünärmenleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Kärhana müşderilere programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk, grafiki dizaýn ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Ýaňy-ýakynda bolsa, halk köpçüligine ýerli sosial ulgam bolan täze, «Biz bärde» (bb.com.tm) platformasyny hödürledi. Bu platformada ulanyjylar özara maglumat alyş-çalşy, habarlaryň yzygiderliligi, makalalaryň toplumy bilen tanşyp, onlaýn marketleriň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Şeýle-de bu platformanyň çäklerinde tv.com.tm atly wideo platforma hem öz işine başlady. Bu ýerde ýerli we daşary ýurt çeper filmlerine öz wagtynda we tölegsiz ýagdaýda tomaşa edip bilerler.

«Sungat eseri» hususy kärhanasynyň işine ussat hünärmenleri ulanylmagy aňsat, göze ýakymly dizaýnly, maglumat tizligi we howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilen web saýtlary düzmek, olary doly ulanyşa tabşyrmak ýaly işleriň ussatlyk bilen hötdesinden gelýärler. Olar geljekde hem IT ulgamynda has-da ilerlemegi, halk köpçüliginiň bähbidine gönükdirilen täze taslamalary işläp düzmegi maksat edinýärler.