logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmen hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar
  07.04.2025
1404
Türkmen hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 25-nji martyndan 5-nji apreline çenli Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit bölüminiň bilermenler topary Türkmenistana sapar gurady. Sapar dümew we ýiti dem alyş ýokançlyklary boýunça wirus gözegçiligini güýçlendirmek maksady bilen maslahat we tehniki goldaw bermäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu iş sapary BSGG-niň ýurdumyzdaky bölümi tarapyndan guraldy.

 

Saparyň çäklerinde BSGG / ÝSB​-niň bilermeni Darýa​ Danilenko​ tarapyndan “Dümew wiruslarynyň bölünip çykma aýratynlyklary we olaryň antigenik​ häsiýetleri” temasy boýunça 10 günlük okuw guraldy. Okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugyna degişli Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa gözleg barlaghanasynda geçirildi.

 

Okuwyň esasy maksady — Milli dümew merkeziniň işgärleriniň wirusologiýa boýunça barlaghana işleri we seljerme ukyplaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.

 

Okuw teoriýa bilen çäklenmän, amaly tabşyryklary hem öz içine aldy. Şeýle-de, dümew wiruslarynyň ýüze çykmagyny we olaryň antigenik​ aýratynlyklaryny anyklamak boýunça halkara tejribelere laýyklykda geçiş usullaryna aýratyn ähmiýet berildi.

 

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA​,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.