logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  19.03.2026
333
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I-niň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

Duşuşyk işjeň we netijeli ýagdaýda geçip, onuň dowamynda taraplar iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň parasatly syýasaty hem-de özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda Wan I türkmen halkynyň Milli Lideriniň hytaý halky üçin öňden gelýän ynamdar dostdugyny aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet baştutanlarynyň esaslandyran dostluk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

 

Öz gezeginde Raşid Meredow hytaý tarapyny “iki sessiýanyň” üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Hytaýyň dört ählumumy başlangyjyny goldaýandygyny tassyklady.

 

Taraplar şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm platforma hökmünde garalýan üçünji “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.

 

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaýyň köp asyrlyk dostluk däplerine we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanyp, döwletara gatnaşyklaryny parahatçylyk we ösüş bähbitleri ugrunda mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirjekdigini nygtadylar.

 

Ahmet AGANYÝAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.