logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar
  16.03.2024
632
Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar

Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar. Bu ýarmarka tutuş dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin iň möhüm we meşhur çäreleriň biridir. 

 

Kanton ýarmarkasy 1957-nji ýyldan bäri ýaz we güýz aýlarynda geçirilýär. Onuň her mejlisi 5 günlik 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyryň arasynda 4 gün arakesme berilýär. Tapgyrlaryň 3-si hem Pazhou Complex toplumynda geçiriler. 

 

Birinji tapgyr 2024-nji ýylyň 15-19-njy aprel aralygynda, ikinji tapgyr 23-27-njy aprel aralygynda, üçünji tapgyr 1-5-nji maý aralygynda geçiriler.

 

Öňdebaryjy önümçilige bagyşlanan birinji tapgyrda maşyngurluşyk we elektroenjamlar ýaly pudaklar, şeýle hem hytaý önümçiliginiň täze ugruny görkezmek maksady bilen,  ýokary tehnologiýalar pudagy tanyşdyrylar. Şolaryň hatarynda elektron önümler we öý-hojalyk tehnikasy, enjamlar, awtomobiller we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk materiallary bar. 

 

“Ýokary hilli öý durmuşy” atly ikinji tapgyrda öý hojalygynda ulanylýan dürli ýokary hilli önümler, sowgatlyk harytlary, öý bezegleri tanyşdyrylar.

 

“Has gowy durmuş” ady bilen geçjek üçünji tapgyrda dokma önümleri, derman serişdeleri, azyk harytlary görkeziler. Umuman, on müňlerçe önüm öndüriji bu sergide bir ýerde jemlener.

 

Jelaleddin ORAZDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.