logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi
  27.10.2025
657
Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rim şäherinde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahatyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Forumyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Italiýanyň degişli düzümleriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen "Leonardo-Societa per azioni" kompaniýasynyň arasynda maglumatlary gizlin saklamak baradaky Ylalaşyk, şeýle hem şol kompaniýa bilen Aragatnaşyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

 

Şeýle-de, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Marzoli Machines Textile S.M.L.”, “Itema S.p.A”, “MCS dyeing & finishing machinery”, we “Savio Maccine Tessili S.p.A” kompaniýalarynyň arasynda dokma pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe Ähtnamalar gol çekildi.

 

Mundan başga-da, Energetika ministrligi bilen “Pietro Fiorentini S.p.A” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşyldy.

 

Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi hem guraldy. Bu maslahat türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini açýandygyny we taraplaryň hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny görkezdi.

 

Nedir Agaýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.