logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmen jemgyýetiniň ruhy döredijilik kuwwaty
  01.03.2023
1438
Türkmen jemgyýetiniň ruhy döredijilik kuwwaty

Milli medeni däpleriň müdimiligi we dowamatlylygy, olaryň dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen sazlaşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň badyna bat goşýar. Döwletimiziň ählumumy oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde halkara giňişlikde ykrar edilmegi medeni diplomatiýanyň hem özenini düzýär. BMG we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de gaznalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň halkara medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn orun degişlidir. Bu abraýly gurama medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ählumumy meseleleriň çözülmegine mümkinçilik berýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça taslamalar ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Umumadamzat gymmatlygy bolan ýadygärlikler hökmünde Gadymy Merwiň, Köneürgenç hem-de Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda türkmen taryhynyň geçen eýýamlarynyň täsin desgalarynyň we tebigatyň ajaýyp künjekleriniň ýene-de birnäçesi bu abraýly sanawa girizmäge taýýarlanylýar. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» hem-de «Türkmen keşdeçilik sungaty» ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň gazananlary bu görnükli sanawda orun orun aldy.

Ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň ýene-de birnäçesiniň hasabyna bu sanawy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär, şol sanda ahalteke atçylygy, alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly işler hem ýola goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle möhüm wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere badalga bermäge ýardam edýär. 

 

Täçmyrat GUWANJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.