logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasy dokuz aýda 138 müň jübüt aýakgap öndürildi
  27.10.2022
838
«Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasy dokuz aýda 138 müň jübüt aýakgap öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda dürli ölçegdäki aýakgabyň 138 müňe golaý jübütini öndürildi. Şol döwürde kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çeken zähmeti bilen Manat hasabynda alanyňda, munuň özi kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 28 million 154 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilendigini aňladýar. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 103,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Önümleriň aglaba bölegi degişli ministrlikleriň buýurmalary esasynda öndürildi. Kärhanada öndürilýän aýakgaplara isleg barha ýokarlanýar. Öndürilýän aýakgaplar bäsleşige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Arassa çig mal hökmünde bolsa gönden peýdalanylýar.