logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi
  14.11.2022
1038
«Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän, şu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

«Türkmen kaolin» AGPJ - ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyna barabar bolan önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Önümhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler.

Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Önümhanada öndürilýän önümi içerki bazarda ýerlemek hem-de daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.