logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Türkmen karateçileriniň halkara ýaryşda gazanan üstünligi
  22.12.2025
234
Türkmen karateçileriniň halkara ýaryşda gazanan üstünligi

Türkmenistanyň karate boýunça milli ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 19–21-nji dekabry aralygynda Özbegistanyň Nowaýy şäherinde geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça «Arkalaşyk kubogy» halkara çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.

 

Gyzgalaňly tutluşyklaryň netijesinde türkmen türgenleri jemi dört medal gazandy. Şolaryň üçüsi altyn, biri bolsa kümüş medal boldy. Ýygyndy toparyň kapitany Meýlis Paşagulyýew 80 kg-dan ýokary agram derejesinde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekili Annadurdy Gurbanylyçow bolsa 70 kg çenli agram derejesinde garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medallara eýe boldular.

 

Gyzlar arasynda 16–17 ýaş derejesinde çykyş eden Aşgabadyň 88-nji orta mekdebiniň okuwçysy Medine Daňatarowa 60 kg çenli agram derejesinde ýeňiş gazanyp, altyn medal bilen sylaglandy. Şeýle hem Umid Şükürow 55 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

 

Bäsleşige Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Päkistandan, Alžirden we Kongodan gelen türgenleri goşmak bilen, 12 döwletden 480-e golaý karate ussady gatnaşdy.

 

Türkmen pälwanlarynyň halkara meýdanyndaky bu üstünlikli çykyşy ýurdumyzyň söweş sungaty mekdebiniň ýokary derejesini we Watanymyzyň sport abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

 

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.