logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy arassaçylyk serişdelerini Özbegistana eksport edip başlady
  11.10.2022
1719
Türkmen kärhanasy arassaçylyk serişdelerini Özbegistana eksport edip başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän, ýurdumyzda arassaçylyk serişdeleriniň önümçiligi bilen adygan «Täç hil» hususy kärhanasy, Özbegistana suwuk sabynyň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň eksportyny ýola goýdy.

Türkiýäniň, Germaniýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ilkibaşda polietilen torbalary we çygly süpürgiçleri öndürip başlandy. Häzirki wagtda bu kärhanada başga-da arassaçylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri, atyrlaryň 30-a golaý görnüşi öndürilýär.

Belläp geçsek, türkmen kompaniýasy ýakyn geljekde bu önümleri Gazagystana, Russiýa ugratmak meýilleşdirilýär.