logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy döwrebap gapylary we penjireleri öndürýär
  18.01.2023
825
Türkmen kärhanasy döwrebap gapylary we penjireleri öndürýär

Türkmenabat şäherindäki «Aýdyň asman» hususy kärhanasynda gapydyr penjireleri we dürli görnüşli metal önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Önümçiliginde Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň we Italiýanyň enjamlary ornaşdyrylan bu hususy kärhanada geçen ýylda hem ýokary hilli gapydyr penjireleriň 897 müň 883 manatlygy, metal önümleriniň bolsa 68 tonnasy, ýagny 15 million 932 müň 589 manatlygy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Hususy kärhana öz önümleriniň hilini ýene-de has gowulandyrmaga we eksporty ýola goýmaga gönükdirilen möhüm işleri alyp barýar.