logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy gyşky egin-eşikleriň önümçiligini tizleşdirýär
  19.01.2023
1416
Türkmen kärhanasy gyşky egin-eşikleriň önümçiligini tizleşdirýär

«Täze saraý» hojalyk jemgyýeti dokma önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi bilen tanalýar. Kärhana Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýär. Şu günler kärhanada gyşky egin-eşikleriň önümçiligi batly depginde alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenilen keltekçe, güpbi ýaly ýyly egin-eşikler galyňlygy, hiliniň ýokarylygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

Kärhana Türkiýäniň, Hytaýyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde günde egin-eşikleriň 50-60 toplumy öndürilýär. Kärhanada önümçilik üçin, esasan, ýerli çig mal ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän dokma önümleriniň aglabasyny dürli kärde zähmet çekmäge niýetlenen (aşpez, gurluşykçy, lukman) ýörite egin-eşikler düzýär.

Kärhanada erkek adamlar, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen sport egin-eşikleriniň toplumy, müşderileriň sargytlary esasynda dürli ýaşdaky adamlar üçin ýörite egin-eşikler taýýarlanylýar. Önümler «TS» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan alyjylara hödürlenilýär. Mundan başga-da, buýurmalar esasynda önüm öndürilýär.