logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy peýniriň dürli görnüşlerini öndürýär
  26.01.2023
1172
Türkmen kärhanasy peýniriň dürli görnüşlerini öndürýär

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Peýnirçi» hususy kärhanasynda dürli görnüşli peýnir önümçiligi alnyp barylýar. Hususy kärhanada hünärmenleriň ençemesi zähmet çekip, olar süýt önümlerini, hususan-da, peýniri taýýarlamagyň tehnologiýasyndan oňat baş çykarýarlar. Süýdüň ýerli telekeçilerden şertnama esasynda alynmagy önümleriň tebigy, ekologiýa taýdan arassa bolmagyny şertlendirýär. Önümçiligiň barşynda süýdüň gerekli ýylylyk derejesinde uýadylmagyna, zerur goşundylaryň degişli mukdarda goşulmagyna berk gözegçilik edilýär.

Şeýle bolansoň, bu ýerde öndürilip, «Ýaýla» haryt nyşany bilen ýerli bazarlara, söwda nokatlaryna we dükanlara ýaýradylýan ençeme görnüşli peýnirler diýseň geçginli. Ýerli ilat tarapyndan bu önümleriň täzeligine satyn alynmagy we dowamly isleg bildirilmegi hususy kärhananyň hünärmenlerini önümçilik depginini has-da artdyrmaga höweslendirýär.