logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen kärhanasy poletilen haltalaryň öndürilişini barha artdyrýar
  18.01.2023
874
Türkmen kärhanasy poletilen haltalaryň öndürilişini barha artdyrýar

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda poletilen haltalaryň öndürilişi barha artdyrylýar.

Gurluşyk-gurnama we ýyladyşhana işlerinde adygan bu hususy kärhana polipropilen we polietilen önümlerini öndürmekde-de öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Hususy kärhanada geçen ýylda polipropilenden ýasalan önümleriň 559 tonnasy, şeýle hem polietilen haltalaryň 1 müň 376 tonnasy, ýagny, 24 million 883 müň 598 manatlygy öndürildi. Önümleriň aglabasy ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugradyldy.