logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy polietilen we polipropilen haltalaryň öndürilişini artdyrýar
  06.04.2023
1055
Türkmen kärhanasy polietilen we polipropilen haltalaryň öndürilişini artdyrýar

Çärjew etrabynda ýerleşýän «Rysgally gap» hususy kärhanasynda polietilen we polipropilen haltalaryň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar.

Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri azyk we senagat harytlaryna niýetlenilen ýokary hilli haltalaryň 700 müňden gowragy taýýarlanylyp, 102 müň 200 manatlyk iş edildi. Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 613 müň 435 manatlygy ýerlenildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan «Rysgally gap» hususy kärhanasynda halta önümçiligi üçin zerur bolan esasy çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Häzirki wagtda kärhanada 30-a golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär.