logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /Türkmen kärhanasy pomidordan 1800 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär
  17.11.2022
1100
Türkmen kärhanasy pomidordan 1800 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň Çärjew etrabynyň çägindäki ýyladyşhanasynda şu möwsümde pomidordan 1800 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär. Ýyladyşhana 8 gektar meýdany tutup, 2021-nji ýylyň mart aýynda açylyp, ulanmaga berildi.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin 21 gektar ýer bölünip berildi. Häzir şunça ýeriň 8 gektaryndan hasyl alynýar. Bu ýerde her biri 1,3 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanalaryň altysy bar.

Iýunda hasyldan boşan ýyladyşhanalar doly arassalanyp, iýulyň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasyndan getirilen marwelans sortunyň tohumy ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip, şitile öwrülipdir. Awgustyň ortalarynda bolsa 8 gektar ýere pomidoryň tagamly we uzak aralyklara daşamak üçin amatly bolan bu sortunyň 200 müň düýbi oturdylypdyr.

Toplumda geçen möwsümiň hasyly 1800 tonna ýetdi. Kärhanada 100-e golaý işgär zähmet çekýär.