logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy ýol yşyklaryny synag görnüşinde öndürilip başlady
  17.04.2022
1248
Türkmen kärhanasy ýol yşyklaryny synag görnüşinde öndürilip başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem özüniň täze öndürýän «Mylaýym» split kondisionerleri, «Teşne» suw gyzdyryjy we sowadyjy enjamlary bilen gatnaşýarlar. Bulardan başga-da kärhananyň özüne degişli pawilýonynda elektron görnüşinde hukuklary bolan täze şahsyýetnamalar (ID-kartlar), bank kartalarynyň synag nusgalary, şeýle hem telewizorlar, kompýuterler, swiçler ýerleşdirilipdir.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde, ýakynda, ýol yşyklaryny synag görnüşinde öndürilip başlandy. Şunuň bilen baglylykda, kärhanada ýagtylyk diodly pyýada geçelgeleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Belläp geçsek, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti müşderiler üçin amatly bahadan ýokary hilli tehnologiýalary öndürýär. Kärhananyň önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýedir.