logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmen-katar ylym-bilim gatnaşyklary ýokarlanýar
  29.02.2024
669
Türkmen-katar ylym-bilim gatnaşyklary ýokarlanýar

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletinde iş saparynda bolup, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny daşary syýasy gatnaşyklarynda ýaýbaňlandyryp, bu möhüm ulgam boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy hakynda pikirler alyşyldy. 

 

 

Türkmen wekiliýetiniň Doha uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen, «Bilim şäherçesinde» ýerleşen uniwersitetleriň ýolbaşçy düzümi bilen geçiren duşuşyklarynda ikitaraplaýyn teklipler içgin öwrenildi.Aýratyn-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan hödürlenen teklipler hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Agzalan teklipler boýunça hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Jorjtaun uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy boýunça degişli işleri geçirmek bilen bagly beýan edilen garaýyşlary esasy başlangyçlaryň hatarynda görkezmek bolar.  

 

 

Türkmen-katar ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösüşinde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde şu gezekki duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

Aýläle HEMRANAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.