Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen kompaniýalary “UzFood 2024” halkara söwda sergisine gatnaşdylar
  07.04.2024
386
Türkmen kompaniýalary “UzFood 2024” halkara söwda sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň “Okgun” hususy kärhanasy we “Halk Hazyna” hojalyk jemgyýeti öz önümleri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2024-nji ýylyň 26-28-nji marty aralygynda geçirilen “UzFood 2024” halkara söwda sergisine gatnaşdylar.


 

Kompaniýalar bu sergä USAID-iň telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek boýunça alyp barýan taslamasynyň ýardam bermegi esasynda gatnaşdylar. Serginiň dowamynda konditer önümlerini öndürýän “Okgun” hususy kärhanasynyň ýolbaşçylary eksport etmek we Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Täjigistanyň bazarlaryna girmek mümkinçiligini öwrenip, dürli ýurtlaryň alyjylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.


 

Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň distribýutor kompaniýalarynyň 40-dan gowragy “Okgun” kompaniýasynyň önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirdiler we olardan täjirçilik tekliplerini soradylar. Hususan-da, Özbegistanyň meşhur “Korzinka” we “Marko” ýaly bölek satuw zynjyrlary “Okgun” kompaniýasynyň önümlerini ýerlemäge gyzyklanma bildirdiler.


 

Türkmenistanda “Innovapak” haryt nyşany bilen plastmassa gaplamalaryny öndürýän öňdebaryjy “Halk Hazyna” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri serginiň barşynda birnäçe söhbetdeşliklere gatnaşdylar we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Hytaýyň 50-den gowrak kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrendiler.

 

 

Mundan başga-da, kompaniýanyň wekilleri “Innovapak” haryt nyşany bilen öndürilýän gaplama önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirýän Özbegistanyň, Täjigistandyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, “UzFood” halkara sergisi azyk senagatynda we azyk önümleri pudagynda esasy çäre bolup, oňa her ýyl Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň azyk senagatynyň öňdebaryjy öndürijileri, üpjün edijileri we distribýutorlary gatnaşýarlar.

 

Allanazar ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.