logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmen-Koreý bilim hyzmatdaşlygy güýçlenýär
  23.02.2025
1104
Türkmen-Koreý bilim hyzmatdaşlygy güýçlenýär

Häzirki wagtda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar. Şu nukdaýnazardan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowanyň Koreýa Respublikasyna sapary möhüm ähmiýete eýe boldy.


Ol Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen «Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet» atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda türkmen wekili Türkmenistanda koreý dili boýunça bilim berlişiniň we onuň öwrenilişiniň häzirki ýagdaýy barada çykyş edip, bu ugurdaky tejribeler bilen paýlaşdy.


Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýeti üçin Çhunçhon şäheriniň häkimligine gezelenç guraldy. Şeýle-de, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda magistr bilim maksatnamasynyň ýola goýulmagy boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Netijeli geçen gepleşikleriň netijesinde iki tarap hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


Bu halkara bilim çäresi, ilkinji nobatda, Türkmenistanda koreý dili we medeniýeti boýunça bilim berlişini kämilleşdirmäge, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň özara tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle çäreler, geljekde hem ýokary hünärli, halkara derejesinde öz ugry boýunça ösen bilim alýan ýaşlary taýýarlamakda möhüm rol oýnar.